Asman jisimleri boýunça doly we dogry düşünjäni almak üçin, olardan gelýän
ähli elektromagnit tolkunlaryndaky maglumatlar öwrenilmelidir. Diňe dürli
tolkunlarda asman jisimlerine gözegçilik etmek bilen, olarda bolup geçýän fiziki
we himiki hadysalary öwrenmek mümkindir. Emma Ýeriň howasynyň päsgelçiligi zerarly, asman jisimlerinden gelýän elektromagnit tolkunlarynyň belli bir bölekleri gözegçä ýetmeýär. Gysga elektromagnit tolkunlaryny atmosferanyň ozon gatlagy saklaýar. Eger ozon gatlagy bolmadyk bolsa, onda olar Ýerde ýaşaýşyň döremegine päsgelçilik dörederdiler. Häzire çenli ozon gatlagy galkan dek bolup adamzady, janly-jandary Günüň iňňän howply gysga tolkunly elektromagnit şöhlelerinden gorap gelýär. Şonuň üçin asmanjisimleri öwrenilende, olara Ýeriň üstünden dürli uzaklyklarda gözegçilik etmeli bolýar. Ýagtylyk tolkunlary özboluşly elektromagnit yrgyldylarydyr. Elektromagnit tolkunlary astronomlar üçin maglumat çeşmesi bolup durýar. Asman jisimlerinde bolup geçýän fiziki hadysalara baglylykda, dürli tolkun uzynlykdaky elektromagnit şöhleleri goýberilýär. Fizikadan mälim bolşy ýaly, elektromagnit tolkuny wakuumda 299792,458 km/s tizlik bilen hereket edýär. Ol tolkunlar atomyň ýadrosynyň töweregindäki elektronlaryň daşky aýlawlaryndan içki aýlawlara geçýän pursatlarynda goýberilýär. Elektromagnit tolkunlary elektrik we magnit meýdanlaryndan ybaratdyr we olar biri-birlerine perpendikulýardyr. Onuň döwülme, serpikme, difraksiýa, interferensiýa, Ýeriň howasyna siňdirilme we başga birnäçe häsiýetleri bardyr.
Teleskoplar we radioteleskoplar, olaryň esasy häsiýetnamalary.
Göze görünmeýän asman jisimlerine gözegçilik etmek üçin, ýörite döredilen
optiki abzallar ulanylýar. Asman jisimlerine gözegçilik etmek üçin ulanylýan
abzala teleskop diýilýär. Asman jisimlerine ilkinji bolup teleskopyň kömegi bilen
Galileo Galileý 1609-njy ýylda gözegçilik edipdir. Şondan bäri asman jisimlerine
gözegçilik etmek üçin teleskoplar ulanylýar. 1610-njy ýylda Galileý Aýyň üstünde
daglaryň bardygyny, Akmaýanyň ýolunyň bulut däl-de, ýyldyzlardygyny,
Ýupiteriň dört hemrasynyň bardygyny we Satumyň halkasyny açýar. Häzirki
döwürde Ýupiteriň dört sany hemrasynyň: Io, Ýewropa, Ganimed we Kallisto
atlarynyň bardygyna garamazdan, olara Ýupiteriň Galileý hemralary
diýilýär. Ilkinji teleskopyň kömegi bilen diňe asman jisimlerine gözegçilik edilen
bolsa, XIX asyrdan başlap asman jisimleriniň suratlary alnyp başlandy. XX asyryň ikinji ýarymyndan başlap, asman jisimlerine gözegçilik etmek üçin telewideniýe we täze tehnikalar ulanylyp başlandy. Täze tehnikanyň ulanylmagy bilen asman jisimlerinden gelýän, emma öň gözegçilik edilmedik elektromagnit tolkunlary öwrenilip, olar barada has takyk netijeler çykarylyp başlandy. Asman jisimlerinden gelýän şöhläniň ýygnalyşyna baglylykda, teleskoplar refraktorlara we reflektorlara bölünýärler. Refraktorda asman jisimlerinden gelýän şöhle linzadan geçip, bir ýere ýygnalýar. Reflektorlarda bolsa asman jisimleriniň şöhlesi oýuk aýnanyň kömegi bilen bir ýere ýygnalýar we gözegçilik edilýär. Reffaktorlarda asman jisimlerinden gelýän ýagtylyk iki tarapy güberçek linzalardan geçip, onuň fokusynda ýygnalýar we ol ýerde okulýarlaryň kömegi bilen gözegçilik edilýär. Refraktorlarda ters öwrülen şekilleri görmek bolýar.
Reflektorlarda asman jisimlerinden gelýän şöhle, esasan, ýörite oýuk aýnalaryň kömegi bilen belli bir nokada ýygnalýar. O1 ýerden bolsa ikinji aýnanyň
kömegi bilen ýa 90° gapdala serpikýär ýa-da göni yza serpigip, uly aýnanyň
ortasyndaky kiçijik deşikden geçirilip, gözegçilik edýän serişdä ýa-da okulýara
ýetirilýär. Reflektorlar ikinji aýnalaryň ýerleşiş we şöhle serpikdiriş usullary
boýunça atlandyrylýar. Reflektorlarda Nýutonyň, Gregoriniň, Kassegreniň we
başgalaryň sistemalary ulanylýar. Teleskoplaryň ulaldyşy, olaryň uly aýnasynyň
ýa-da linzasynyň fokus uzynlygynyň, gözegçilik edilýän okulýaryň fokus aralygyna /bolan gatnaşygyna görä kesgitlenilýär. Teleskopyň uly aýnasynyň şöhle düşýän böleginiň diametri asman jisimlerinden gelýän şöhläni ýygnamak häsiýetini kesgitleýär. Çünki asman jisimlerinden ýygnalýan şöhle obýektiwiň meýdanyna baglydyr. Teleskoplaryň iň wajyp häsiýetnamalarynyň biri hem olaryň ýagtylyk güýjüdir. O1 aýnanyň ýa-da linzanyň diametriniň fokus uzaklygyna bolan gatnaşygy boýunça kesgitlenilýär.
Teleskoplaryň görkezýän meýdany olarda gözegçilik edilýän okidýarlaryň
fokus aralygyna baglydyr. Teleskopyň ulaldyşynyň artmagy bilen onuň görkezýän
meýdany kiçelýär. Aýnasynyň diametri 1 m we ondan ýokary bolan teleskoplar uly teleskoplar hasaplanylýar. Iň uly linzaly refraktor ABŞ-da ýerleşýär. Onuň
linzasynyň diametri 1 metrdir. Häzirki döwürde iň uly teleskoplaryň biri diýlip
Ýewropanyň Günorta obserwatoriýasynda, deňiz derejesinden 2635 metr ýokarda oturdylan, uly aýnasynyň diametri 8,2 metre ýetýän, VLT teleskop sistemasy hasaplanylýar. Bu sistema 4 teleskopdan ybarat bolup, bir teleskop sistemasyny döredýär we aýnasynyň ululygy 16 metre ýetýän teleskop ýaly işleýär. Bulardan başga Gawaý adalaryndaky diametri 10 metre ýetýän „Kek-l“, diametri 8,2 metre ýetýän „Subaru“ we başga-da birnäçe teleskoplar uly teleskoplar diýlip hasaplanylýar.
Asman jisimlerine gözegçilik etmek amatly bolar ýaly teleskoplar iki tekizlikde hereket edýän gurallarda oturdylýar. Teleskoplar üçin, esasan, ekwatorial, azimutal we amerikan gurallary ulanylýar. Güne gözegçilik etmek üçin dürli ugra hereket edýän aýnalaryň kömegi bilen Günüň şekilini uly möçberde belli bir şöhle kabul edijä ugrukdyrýan sistemalardan ybarat bolan teleskoplar, selostatlar ýa-da geliostatlar ulanylýar.
Radioteleskoplar. Asman jisimlerinden gelýän radiotolkunlary radioteleskoplaryň kömegi bilen öwrenýärler. Astronomiýanyň asman jisimlerini,
olaryň radiotolkun saçyşlary boýunça öwrenýän bölümine radioastronomiýa diýilýär. Radioteleskopyň kömegi bilen, Ýer togalagynyň üstünde diňe 1 mm-den 30 m-e çenli ululykdaky radiotolkunlara gözegçilik edip bolýar. Çünki asman jisimlerinden gelýän uzyn we gysga radiotolkunlary Ýeriň atmosferasy özüne siňdirýär. Radioteleskoplaryň düzümine dürli şekilli we ululykly antennalar hem-de radiotolkunlary örän duýgur kabul edijiler girýär. Radioteleskoplaryň antennalarynyň diametrleri onlarça metre ýetýän çanaga (tarelka) meňzeş enjamdyr. Onuň üstüne düşýän ähli tolkunlaryň ýygnalýan ýerine radioteleskopyň fokusy diýilýär. Antennanyň fokusynda radiotolkunlary kabul edýän enjamlar ýerleşdirilýär. Radioteleskoplaryň antennalary aýratyn böleklerden ýygnalyp gumalýar. Ýerden goýberilen radiotolkunlar bilen üsti görünmeýän Wenera, Aresibodaky 300 metrlik antenna bilen bolsa Güne iň ýakyn planeta bolan Merkuriý planetasy öwrenildi. Aýa radiolokasiýa 1946-njy ýylda geçirilip başlandy. Häzire çenli iň uly reflektor radioteleskopy Aresibodaky (Puerto-Riko) sönen wulkanda ýygnalan teleskopdyr. Onuň diametri 300 metrdir. Antennanyň ýokarsyndaky radiotolkunlary kabul edijisiniň omunyň ujypsyz üýtgeýändigi sebäpli, onda zenitiň golaýyndaky asman jisimleriniň köpüsini öwrenmek mümkin. Hereket edýän radioteleskoplaryň iň ulusynyň diametri 100 metrdir. Şeýle radioteleskop Germaniýada gumalandyr. Häzirki döwürde adatdan daşary kuwwatly 1 kwadrat kilometrlik radioteleskop sistemasyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Russiýadaky diametri 600 m,düzümi 900 sany 2×7,4 m tekiz radioantennalardan ybarat RATAN-600 radioteleskop dünýädäki iň uly radioteleskoplaryň biridir. ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Kanadanyň we Günorta Afrikanyň astronomlary kuwwatly, iň uly, köp sanly antennalary 1 kwadrat kilometr meýdany tutýan (Square Kilometre Array – SKA) adatdan daşary duýgur radioteleskoplar sistemasyny gurmak hakynda ylalaşyga geldiler.
Lazer gurallarynyň we radiolokatorlaryň kömegi bilen golaýdaky asman jisimleriniň öwrenilişi. XX asyryň ikinji ýarymynda ylmyň we tehnikanyň örän tiz ösmegi bilen golaýdaky asman jisimlerini öwrenmek üçin lazer abzallary we radioteleskoplar ulanylyp başlandy. Hakykatdan hem, XX asyrda fizika ylmynda gazanylan uly üstünlikleriň biri hem lazerleriň döredilmegidir. Lazer şöhlesiniň kömegi bilen Aýyň üstündäki “Lunohod-1 -e” çenli aralyk has takyk ölçenildi. Onuň kömegi bilen Ýeriň atmosferasy hem öwrenilýär. Asman jisimlerine gözegçilik edilende, teleskoplarda ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen abzallar hem ulanylýar. Teleskoplarda ulanylýan täze tehnikalaryň biri-de fotoeffekt esasynda döredilen serişdelerdir. Ol astronomlaryň işlerini has ýeňilleşdirdi we kämilleşdirdi. Häzirki wagtda asman jisimlerine adam gözi bilen gözegçilik etmegiň ähmiýeti ýitdi. Häzirki zaman şöhle kabul edijileri adamyň gözünden biçak ýokaiy duýgurly bolup, olar asman jisimlerinden gelýän şöhleleri göni kompýuterlerde işlär ýaly edip başladylar. Asman jisimlerinden gelýän ýagtylygyň mukdaryny ýokary takyklyk bilen ölçemek üçin teleskoplarda fotoeffekt esasynda işleýän fotometrler ulanylýar.
BABAÝEWA Aýnabat,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk institudynyň takyk
bilimleri fakultetiniň fizika-informatika hünäriniň talyby