BIZE YAZYARLAR

Elektrik energetika toplumy batly ösüşlerde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika pudagy batly depginler bilen ösdürilýär. Elektrik energiýasynyň ulanylyşynyň netijeliligini üpjün etmek, tygşytly ulanmak, pudaga döwrebap dolandyryş usullaryny girizmek, ekologiýany gorap saklamak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak bilen ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek ugrunda uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.

2022-nji ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ulanmaga berlen sebitde deňi-taýy bolmadyk Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen beýik işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy. Bu merkez gurulmazdan öň energetika enjamlary daşary ýurtlarda abatlanyp getirilýärdi, indi bolsa bu ýagdaý aradan aýryldy. Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi energetika desgalarynyň enjamlaryny abatlamaga hyzmat edýär we ol inženerçilik toplumyna degişli halkara güwänamalaryna mynasyp boldy.

Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Häzirki wagtda-da bu pudakda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elekrtik geçiriji ulgamynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we başlangyçlary bilen geçen sanlyja ýyllaryň içinde täze gurlan desgalaryň hataryndaky Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkeziniň, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gazan elektrik stansiýasynyň pudagyň ösüşindäki ähmiýeti örän uludyr.

Şunuň bilen birlikde paýlaýjy elektrik beketleriň onlarçasy gurulýar, Aşgabadyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamlary täzelenilýär. Bu ulgamda geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzda her ýyl gurulýan iri senagat toplumlaryny we köpsanly beýleki dürli maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasyny goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynda  täze energetika desgalarynyň düýbüniň tutulmagy we ulanylmaga berilmegi aýratyn guwandyryjy waka boldy. Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň, etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbi tutuldy. Şonuň ýaly-da, Mary – Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy ulanmaga berildi. Energetika pudagyndaky bu täze durmuşa geçirilýän işler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda we ösüşini üpjün etmekde, eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda, sebitleri okgunly ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanylmaga berilmegi hem-de düýbi tutulmagy mynasybetli bolan dabaradaky çykyşynda: «Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2013-2021-nji ýyllarda gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle hem müňlerçe kilometre uzaýan dürli güýjenmeli asma elektrik geçirijileri, durky täzelenen we täze gurlan paýlaýjy ulgamlar işe girizildi» diýip, aýratyn nygtap belledi. Hakykatdan-da täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alys geljegi nazarlaýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bu iri pudagyň önümçilik kuwwaty düýpli artdyryldy.

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde düýbi tutulan, kuwwaty 1574 megawata deň bolup, gaz we bug dolanyşygynda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň 4 sany gaz we 2 sany bug turbinalary bolar. Täze elektrik stansiýasynyň gurluşygy elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýumly taslama hökmünde möhüm ähmiýetlidir. Bu iri desga ýurdumyzda gurulýan kuwwatly elektrik stansiýalarynyň ikinjisidir. Hormatly Prezidentimiziň täze stansiýanyň gurulmagy bilen, onuň öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna, şeýle hem goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörejekdigi barada aýdanlary bu ugurda alnan belent badyň depgininiň ýylsaýyn artdyrylýandygyny ýene bir ýola dünýä äşgär etdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021–nji ýylda işe girizildi.Türkmen energogurluşykçylarynyň yhlasly zähmet çekmegi netijesinde halkalaýyn energoulgamyň Mary – Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň nobatdaky tapgyry üstünlikli durmuşa geçirildi. Meýilnama boýunça Balkan – Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygy 2024-nji ýylda tamamlanar. Şeýlelikde, Balkan – Daşoguz we Mary – Ahal energiýa ugurlarynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgam emele geler. Bu taslama içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň hilini gowulandyrmaga, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin amatly şertler döretmäge täze mümkinçilikleri açar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda gurlan we gurulmagy meýilleşdirilýän ähli desgalaryň häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylýandygyny, olary dolandyrmak işlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, energetika pudagyny kämilleşdirmekde uly başlangyçlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Seýtinýazowa Owadan Durdymyradowna “Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta  hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: