YKDYSADYÝET

Eksporta ugradylan suwuklandyrylan gazyň möçberi 78 müň tonna ýakynlady

«Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde şu ýylyň geçen sekiz aýynda 80 müň tonna golaý suwuklandyrylan gaz öndürdiler. Şonda bu baradaky meýilnama 108,8 göterim berjaý edildi.

Şu döwürde müdirligiň Naýypdaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynda gymmatly önümiň 70 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bagajadaky toplumda bolsa önümi öndürmek baradaky meýilnama 107 göterim berjaý edildi. Şonda sarp edijilere ugradylan harytlyk önüm 9,6 müň tonnadan gowrak boldy. Onuň 78 müň tonna golaýy eksporta ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: