JEMGYÝET

«EKSPO — 2025»-de Türkmenistan öz milli pawilýonyny gurar

«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistan özüniň milli pawilýonyny gurar. Ol «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdiriler. Bu barada düýnki geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Bütindünýä sergisi «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» şygary astynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýada geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO — 2025» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmagyň taslamalaryny saýlap almak üçin ýurduň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: