DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ekspo ― 2025-de uçýan awtoulag görkezildi

Ýaponiýanyñ Osaka şäherinde açylan Expo 2025 Bütindünýä sergisinde ýapon kompaniýalary
tarapyndan döredilen uçýan awtoulagyñ ilkinji görkeziş uçuşlary geçirildi.
Bu uçuşlar ýurduň howa ulaglar tehnologiýalary babatynda gazanylan üstünlikleri açyp
görkezdi.
Expo sergisiniñ resmi nyşany bolan Mýaku-Mýakunyñ öwüşgininde, ýagny açyk gök we gyzyl
reñkdäki uçýan awtoulag iki tapgyrda görkezildi: birinji uçuş sagat irden 11:00-da, ikinjisi
bolsa sagat 14:00-da amala aşyryldy.
Üç sany ýapon operator-kompaniýalary tarapyndan şeýle ulag serişdeleriniñ görkezilmegi
alty aýlap dowam etjek serginiñ tutuş dowamynda ýolagçysyz amala aşyrylar.
Uçarmansyz uçýan enjamlaryň tehnologiýasyny ulanýan ulag serişdeleri adamlary we ýükleri
daşamak üçin niýetlenendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: