TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ekologiýa taýdan arassa kagyz haltalar öndürilýär

Telekeçi Döwran Abdyresulowyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda «Ýedi dogan» haryt nyşany bilen bir gije-gündiziň dowamynda kagyz gaplaryň 10 müň sanysy taýýarlanylýar.

Kärhanada işler awtomatlaşdyrylan usulda ýola goýlupdyr. Kärhananyň kuwwatlylygy günde 200 kilograma golaý önüm çykarmaga barabardyr. Kagyz önümleri ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Önümleriň esasy görnüşleriniň hatarynda bir, iki we üç gatly açyk haltalar, ürgün önümleri, gurluşyk harytlaryny, oba hojalyk dökünlerini gaplamak üçin gapakly ýapyk haltalar, şeýle-de aşa berkligi bilen tapawutlanýan kraft-haltalar bar. Şonuň ýaly-da, gatlak arasy ýa-da içi polietilen içlikli mikrokrepirlenen, dürli ölçegli kagyz önümleri, aşhanada ulanylýan ýag geçirmeýän bişirme kagyzlary, çyg geçirmeýän gatlakly laminirlenen haltalar hem öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: