JEMGYÝET

Ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen bilelikde «Ekologiýa abadançylygy — ömrümiziň rahatlygy» atly amaly maslahat geçirdi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Maslahata Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, goraghanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler biziň umumy öýümiz bolan tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň häzirki döwrüň wajyp meselesidigini aýratyn bellediler. Ýurdumyzda balykçylygy ösdürmek we suwuň bioserişdelerini goramak, şeýle hem gözel tebigatymyzyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamak ugrunda alnyp barylýan işler baradaky çykyşlar örän täsirli boldy. Maslahata gatnaşyjylar üçin institutyň çeper höwesjeňleri konsert berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: