Tebigaty goramak, ýer-suw serişdelerine aýawly çemeleşmek we ekologiýa medeniýetini ösdürmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan düşündiriş işleri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, zähmet toparlarynyň we her bir raýatyň gatnaşmagynda has-da netijeli häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti hem ilatyň arasynda tebigata söýgi, daşky gurşawa jogapkärçilikli garaýyş, gök zolaklary goramak bilen bagly wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýär.
Aýratyn hem ýaş nesliň ekologiýa düşünjesini kämilleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir. Mekdep okuwçylary, talyplar bilen geçirilýän duşuşyklarda bag ekmegiň, ösümliklere ideg etmegiň, suw serişdelerini tygşytly ulanmagyň, arassaçylygy berjaý etmegiň ähmiýeti barada gürrüň edilýär. Şeýle çäreler ýaşlarda tebigata bolan söýgini artdyrmak bilen birlikde, olaryň zähmete, arassaçylyga, jemgyýetçilik jogapkärçiligine bolan garaýşyny hem berkidýär.
Şäherleriň we obalaryň abadan, arassa, ýaşyl görnüşe eýe bolmagy her birimiziň gatnaşygymyza baglydyr. Gülläp ösýän mekanyň gözelligini goramak, daş-töweregi arassa saklamak, bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek diňe bir möwsümleýin çäre däl-de, gündelik durmuş endigine öwrülmelidir. Tebigata aýawly garamak medeniýeti näçe giňden ýaýbaňlansa, geljek nesiller üçin şonça-da sagdyn, arassa we gözel gurşaw emele geler.
Hojageldi ÝAZKULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

