Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurduň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça geçirilen III Internet olimpiadasy jemlenji. Bäsleşige 11-nji we 12-nji synplaryň okuwçylary gatnaşdy.
Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň 47-si baýrakly orunlara mynasyp boldy. Her synp boýunça okuwçylaryň 8-si birinji orna mynasyp görüldi.
Has takygy, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Tejen etrabynyň 33-nji orta mekdebinden Döwletmyrat Nurmyradow, Halaç etrabyndaky 25-nji orta mekdebinden Amangül Rahmanowa, Sakarçäge etrabyndaky 43-nji orta mekdebinden Humaý Çarykulyýewa, Tejen etrabyndaky 33-nji orta mekdebinden Gyzylgül Muhammetnazarowa, Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebinden Arzuw Seýitgulyýewa, ýene şol mekdepden Enegül Dudakowa, Mary şäherindäki 2-nji orta mekdebinden Atajan Hudaýnazarow, Sakarçäge etr5abynyň Şatlyk
şäherindäki 43-nji orta mekdebinden Meýrem Amannazarowa, 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Dänew etrabyndaky 27-nji orta mekdebinden Arslan Genjiýew, Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internetiniň okuwçysy Gülnar Ballyýewa, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndaky 140-njy orta mekdebiniň okuwçysy Baýdurdy Geldiýew, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ogultäç Öwezowa, Gökdepe etrabyndan Ejeş Agajykowa, Babadaýhan
etrabyndaky iňlis dili we takyk okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän mekdebinden Laçyn Garaýewa we Murgap etrabyndaky 36-njy orta mekdebinden Nedir Batyrow dagylar birinji orna mynasyp boldy.
Ekologiýa boýunça III Internet olimpiadasynyň ýeňijileri belli boldy

05
May