«Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň hünärmenleri ýeralma ekilen meýdanlary ýagyş ýagdyrýan enjamyň kömegi bilen suwaryp başladylar.
Munuň üçin Türkiýäniň «Apdent» firmasynyň önümi bolan emeli ýagyş ýagdyrýan enjam satyn aldylar. Ol bir iş gününiň dowamynda 7 gektar meýdany suwarmaga niýetlenendir. Onda 45 sany suw pürküji bolup, olaryň her biri sagatda 1-1,2 tonna suwy 12 metr aralyga çenli ýetirýär. Daýhan hojalygyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, ekinleri şeýle usulda suwarmak suwy ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şonuň ýaly-da, topragyň gatamagynyň öňüni alýar. Ýeralmalaryň gowy hasyl bermegi üçin bolsa ýumşak toprak oňaýly şertleri döredýär.
Hojalyk şu ýylyň fewral aýynda 300 gektara meýdana ýeralma ekip, gowy gögeriş aldy. Onuň her gektaryndan 20 sentnerden hasyl almak göz öňünde tutulýar.