Bedew batly ösüşleri bilen öňe barýan ata Watanymyzda ýagty geljegimizi üpjün etjek mynasyp ýaşlar bolup ýetişmekleri, olara gözellik terbiýesini bermek we körpeleriň çeperçilik ukyplaryny ösdürmek, maşgalada ene bilen çaganyň arasyndaky gatnaşygy berkitmek, türkmen halkynyň medeniýetine, däp-dessuryna sarpa goýmak, çagalaryň tebigy zehinini, çeper döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, Ata Watanyna, hormatly Prezidentimize, mähriban käbelerine bolan söýgi, buýsanç, duýgularyny terbiýelemek maksady bilen, çagalar bagymyzda toparlarynyň körpeleriniň arasynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan düzgünnama esasynda, Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ejeme sowgat» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynyň körpeleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde Farap etrabynyň 19-sany çagalar bakja-bagynyň körpeleri gatnaşyp, olar tebigy serişdelerden ejelerine sowgat ýasamak, ýasalan sowgady labyzly beýan etmek, ejeleri, eneleri, mamalary, uýalary aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen Halkara zenanlar baýramy bilen gutlamak ýaly ýumuşlary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bäsleşik örän çekeleşikli geçdi. Emin agzalarynyň bäsleşige gatnaşan körpeleriň işlerine beren bahalarynyň netijesinde etrabyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň körpesi Güller Döwletmyradowa birinji orny eýeledi. 17 we 3-nji çagalar bakja bagynyň körpeleri Sewinç Rejepowa bilen Gülnur Ylhamowa dagylar ikinji orna mynasyp boldular. 18, 3, 7-nji çagalar bakja baglarynyň körpeleleri Daýanç Ramilow, Muhammet Muhitinow, Aýşenur Hojamkulyýewa dagylar bolsa üçünji orna mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşan körpelere guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Rozjan NARBAÝEWA,
Farap etrabyndaky 17-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

