TARYH

Eger ýakynda poçtalýon bolmasa…

Häzir uzakdaky biri bilen habarlaşmak, gepleşmek aňsat boldy. Elektron poçta haty dessine niýetlenen adama eltip berýär, onuň bilen hem kanagatlanmasaň, telefon arkaly aragatnaşyk saklap, internetiň üsti bilen biri-biriňi görüp, gepleşip bolýar. Mundan otuz ýyl töweregi ozal hem şeýle amatlyklar hemmelere elýeter däldi. Poçtanyň üsti bilen hat, telegraf arkaly telegramma iberilerdi, adaty telefonda gepleşilerdi. Entek elektrik togy açylmanka, telegraf, telefon oýlanylyp tapylmanka bolsa, adamlar poçtanyň hyzmatyndan peýdalanypdyrlar. Olam hemme ýerde elýeter bolmandyr. Mysal üçin, deňziň ýa-da ummanyň içinden habar ibermek asla mümkin däl eken diýen ýaly. Ýöne deňizçiler mundanam çykalga tapypdyrlar. Olar haty agzy suw girmez ýaly beklenen çüýşä salyp, deňze oklapdyrlar. Şeýle usuldan, esasan, betbagtçylyga uçranlarynda peýdalanypdyrlar. Ýöne taryhy çeşmelerde çüýşä salnan we suwa oklanan hatlary ylmy açyşlary etmek, möhüm habary ýetirmek, hat-da, söýgülisini tapmak üçin hem ulanandyklary baradaky maglumatlar bar.
Rowaýatlara ynansaň, dünýäde ilkinji bolup, gaba salnan haty deňze oklan gadymy grek filosofy we tebigaty öwrenijisi Teofrast bolmaly. Ol biziň eramyzdan öňki 310-njy ýylda şeýle gaplaryň birnäçesini Gibraltar bogazyna taşlapdyr. Şeýlelik bilen, ol Ortaýer deňzine Atlantika ummanyndan suw guýulýandygyny subut etmek isläpdir. Hakykatdan hem, birnäçe wagtdan zyňylan hatlaryň biri Sisiliýanyň kenaryndan tapylypdyr.

«Çüýşe» usuly bilen akymlary öwrenmeklik soňam dowam edipdir. Amerikan ilçisi we oýlap tapyjysy Benjamin Franklin Demirgazyk Amerikadaky koloniýalaryň baş poçtmeýstri döwründe paketbotlaryň (ýolagçy-poçta gämileriniň) Angliýadan Amerika aňryk gideninden iki hepde çalt gelýändigine üns beripdir. Netijede suwa oklanan çüýşäniň kömegi bilen güýçli akym — Golstrim açylypdyr we Franklin ony 1700-nji ýylda ilkinji bolup, kartada görkezipdir.
Russiýa Federasiýasynyň Zubow adyndaky Döwlet okeanografiki institutynda çüýşä salnyp, «Ohotsk» gämisinden oklanan we Primorýede hem-de Kamçatkada tapylan hatlaryň 46-sy saklanylýar. Ýapon, Ohotsk deňizlerinde we Ýuwaş ummanyň demirgazyk tarapynda ýüzýän deňizçilerden çüýşä salnan hatlary suwa taşlamagy gidrofrafiki ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Mihail Ždanko haýyş edipdir. Şeýtmek bilen, ol deňiz akymlaryny öwrenmegi maksat edinipdir. Çüýşeleriň içindäki hatlarda onuň nirede tapylandygyny habar bermek haýyş edilipdir. Şeýlelikde, 1907 ýyldan 1912-nji ýyla çenli 10 000 çüýşe deňze oklanylypdyr we olaryň 219-sy tapylypdyr. Olardan alnan maglumatlary öwrenip, şol wagt entek az öwrenilen deňizleriň akymlarynyň shemasyny çyzmak başardypdyr. «Ohotskiden» 1910-njy ýylda taşlanan bir çüýşäni bolsa 1988-nji ýylda Sahalin adasynyň suwa düşülýän ýerinde tapypdyrlar.
Angliýada iki ýarym asyr wagtyň dowamynda deňizden içi hatly çüýşe tapyp, ony açan ölüm jezasyna höküm edilipdir. Bu korolyň köşgünde «çüýşe açyjy» diýen wezipäni eýeleýän ýeke-täk adama ynanylypdyr. Şeýle kanunyň çykarylmagyna we wezipäniň girizilmegine bir waka sebäp bolupdyr. 1560-njy ýylyň ýaz aýlarynyň birinde La-Manşda balykçynyň toruna içi hatly çüýşe düşüpdir. Ony açyp görse, iňlis içalysynyň Ýelizaweta I iberen habary eken. Onda gollandiýaly täjirleriň ruslara degişli Täze Ýer adasyna barandyklary barada maglumat berilýär eken. Çüýşäniň açylandygy baradaky habar korol aýala ýetýär. Hemme ýere burnuny sokup ýören gollandlaramy, aragatnaşygyň şeýle täsin usulyny tapan içalamy ýa-da haty okan balykça, belli däl, ýöne Ýelizawata I gazaba atlanýar. Ol deňizde tapylan çüýşäni açmagy gadagan edýän kanun çykarýar we hemmelere göz bolar ýaly, balykçyny dardan asdyrýar. Şondan soň tapylan çüýşeleri diňe ony açyja getirip beripdirler. Bu wezipäni we kanuny diňe XVIII asyryň ahyrlarynda ýatyrypdyrlar.
Köplenç, «çüýşe poçtadan» agyr güne düşenlerinde peýdalanypdyrlar. Mysal üçin, 1957-nji ýylda Ýamaýkanyň kenarynda köne deňiz kartasy dykylan çüýşe tapypdyrlar. Onda Atlantikanyň ortasynda gäminiň gark bolýandygy barada ýazylypdyr. Hat 1750-nji ýylyň iýulynda iberilen eken. Ýöne şeýle poçtanyň kömek edýän wagtlary hem bolýar. Mysal üçin, 2005-nji ýylda Perudan we Ekwadordan 88 sany bosguny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna alyp barýan gäminiň ýolunda apy-tupan turýar. Halas etmeklerini haýyş edip taşlanan hatly çüýşe Kosta Rikaly balykçylaryň eline düşýär we üç günden soň ýolagçylaryň ählisini halas edýärler.
1956-njy ýylda Kuinstaun portunyň gämileriň durýan ýerinde içi hatly çüýşe tapýarlar. Onda: «Egerde, şu çüýşäni tapan aýalyň saçynda agy ýok, özi iňirdemeýän, gowy tagamlary bişirmegi başarýan we wagtynyň köp bölegini deňizde geçirýäne durmuşa çykmaga garşy bolmasa, goý, ol Jeýms Glizona ýazsyn» diýen hat bar eken. Hatyň soňunda «1895-nji ýylyň 29-njy marty» diýen sene ýazylgy eken. Ýöne şeýle usul bilen öz bagtyny tapýanlaram bolýar. 1957-nji ýylyň tomsunda şwesiýaly deňizçi Ake Wiking «uzakdaky ajaýyp nätanyş zenanyna» jogabyna garaşýandygyny bildirip ýazan hatyny çüýşä salyp, Gibraltar bogazynda deňze taşlaýar. Ýarym ýyl geçenden soň ony bir balykçynyň 17 ýaşly gyzy Paolino Pusso tapýar. 1958-nji ýylda Sirakuza şäherinde biri-birini şeýle täsin usul bilen tapan iki juwan toý edip nikalaşýarlar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply