SPORT WE SYÝAHAT

Efe Adžagba Braýan Gowardy wagtyndan öň ýeňdi

Nigeriýaly professional boksçy Efe Adžagba amerikaly Braýan Gowardy ýaryş üçin goýberilen wagtdan öň ýeňdi. Bu barada «Рамблер» habar berýär.
Söweşiň soňy kommentatorlarda uly täsir galdyrdy. Olaryň biri nokauta iberen urgyny «ýyldyrym urgusy» diýip atlandyrdy. Şunlukda, Adžagba karýerasyndaky 15-nji ýeňşini gazandy. Bu Gowardyň bäşinji ýeňlişidir.
28-nji fewralda agyr agramda çykyş edýän Taýson Fýuriniň öweý dogany boksçy Tommi Fýuri ildeşi Skott Uilýamsi nokauta iberdi. Onuň urgusyny «hapa» diýip atlandyrdylar.
8-nji ýanwarda «Boxing Scene» neşiri 2020-nji ýylyň baş nokautyny mälim etdi. Russiýaly Aleksandr Powetkiniň britaniýaly Dillian Uaýt bilen duşuşygyndaky aýgytlaýjy urgusyny şeýle diýip bellediler. Şonda russiýaly boksçy 36-njy ýeňşini gazanypdy, olaryň 25-sini bolsa nokauta ibermek bilen ýeňdi.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply