BIZE YAZYARLAR

Edep ynsanyň bezegi

Gadymy hem müdimi türkmen topragymyzda taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýtýan türkmen halkymyzyň edep-terbiýesine dünýä haýran galýar. Taryhyň ýollarynda kämilleşip halkyň ýaşaýyş durmuşu bilen ösüp şu günlere gelen halkymyzyň ahlak kadalary, edep-terbiýesi türkmeni türkmen edýän beýikligidir. Ata watanyny, ene topragyny janyndan ezizläp eý gören gadymy ata-babalarymyz şu günki nesillere gyzyldan gymmatly ahlak kadalaryny, edep-terbiýäni iň gymmatly miras edip galdyrypdyrlar. Ata-babalarymyzda bize miras bolan türkmene mahsus asyllylyk, halallyk, dorguçyllyk, watansöýüjilik ýaly duýgulary her çaganyň kalbyna, aňyna ýaşlykdan ornaşdyrmak parzdyr. Edep-terbiýe, adamkärçilik düşünjeleriniň çygry örän giň bolup onuň haýsy ýanyndan barsaň durman 2 sagat gepläp bolýa, bir kitap ýazyp bolýa.
Edep-terbiýäniň ojagy hasaplanýan bilim ojaklarymyzda ýaşlara bilim bermek bilen bir hatarda terbiýeçilik işleri hem mugallymlar tarapyndan söýlüp öwredilýär. Mekdep okuwçylaryna bilim öwretmek bilen çäklenmän durmuşy mysallary arkaly olary jany bilen terbiýelemek her bir “Pedagogyň” borjydyr. Lukmançylykda Gippokrat kasamynyň bolşy ýaly mugallymçylykde hem her mugallymyň özüne beren sözi, labzy, kasamy bolmaly. Her bir çaganyň terbiýesine uly jogapkärçilik bilen seretmeli. Edep-terbiýe ynsanyň içki dünýäsini açyp görkezmek bilen çäklenman onuň nähili maşgalada kemala gelendigini, nähili terbiýe alandygyny hem açyp görkezýär. Şonuň üçin bolsa gerek “Terbiýäniň başy ojak” diýen aytgynyň halk arasynda ýörgünli bolmagy. Halal söýgi bilen , mähir muhabbet bilen gurşalan maşgalada çaganyň kalbyna siňen edep kadalarynyň nusgalyk bolamagynyň, ol çaganyň ýetişip il halar adam bolup ýetişmeginiň ugrunda häzir her bir ene-ata jan çekýär. Çaganyň söýgi bilen ýetişdirilmegi onuň mylakatly, hoşniýetli, güler ýüzli, açyk göwünli adam bolup ýetişmegine täsir edýär.
Welaýatymyzyň, etrabymyzyň çäginde dürli wagyz-nesihat duşuşyklarynyň geçirilmegi, ol geçilýän duşuşyklarda ilhalar ýaşulylarymyzyň, kümüş saçly mamalarymyzyň ýaşlara wagyz-nesihatlary bermekleri jemgyýetiň ruhy-ahlak ýörelgesiniň kämilleşmegine goşant goşýar.
Ýaşlara nusgalyk görelde bolup durýan, edep-ekramyň aňrybaş häsiýetlerini öz kitaplarynyň üsti bilen ýaşlara ýetiren Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

Salamat ÝUSUPOWA,
Darganata etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.