BIZE YAZYARLAR

Edep — ynsan bezegi

Bagtly, bagtyýar ýaşamak, döwletli maşgala gurmak, birek-birek bilen agzybirlikli dostlukly gatnaşyklary saklamak öz gözbaşyny edep-terbiýeden, görüm-göreldeden alyp gaýdýar. Adamyň ynsanlyk derejesiniň beýgelmeginiň gözbaşynda hem onuň edep-terbiýesi durandyr. Bu hakykaty pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda hem göre-göre gelýäris. Şu esasdan hem ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz nesil terbiýesi meselesini ilkinji orunda goýup, oňa çynlakaý çemeleşipdirler. Munuň bilen birlikde çagalaryň döredijilik başlangyçlarynyň ýüze çykmagyna, gözellige bolan garaýşynyň kemala gelmegine hem esewan bolupdyrlar. Ene-ata bag, perzent bolsa şol bagyň miwesi hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem ene-ata öz perzendiniň kämil şahsyýet bolup kemala gelmeginde hiç bir meseläni ünsden düşürmeli däldir. Çagany mähir-muhabbet, söýgi, alada bilen gurşamak onuň ösüşine oňyn täsir edýär. Ene-ata bolmak uly jogäpkärçilik, şonuň ýaly-da, durmuşyň adamzada eçilen iň ajaýyp nygmatlarynyň biridir. Hut şu nukdaýnazardan ene-ata çagalar üçiň ilkinji görelde mekdebidir. Bu barada «Öwüt däl, görelde bilen terbiýele!» diýen durmuş hakykatynyň hem bardygyny ýatlamak gerek.     

Döwletiň we jemgyýetiniň geljekki eýeleri boljak ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde watançylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly asylly ýol-ýörelgelere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu oňyn işde atalar sözleriniň, nakyllaryň, halk döredijiliginiň görnüşleriniň we tymsallaryň ulanylmagyna hem uly orun degişlidir. «Adam bir ýaşar, edebi — iki. Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi. Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt. Edebiň başy-da öz-özüň öňünde edepli bolmakdyr; Edepli ile ýarar; Ylmyň netijesi — terbiýedir; Mirasyň ýagşysy edepdir.» ýaly wesýetleriň ýöne ýerden dörän däldigine üns çekmek gerek. 

Edep-terbiýe şol bir wagtda ynsanyň ahlak häsiýetlerini, jemgyýetdäki ornuny kesgitleýär. Bu babatda şöhratly taryhymyzda yz goýan Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly her birimize nusgalykdyr. 

Narkuly Babanazarow,

Dänew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: