BIZE YAZYARLAR

Edebiýatymyzyň kökleri çuňdur

Edebi çeşmelere salgylansak, halkymyzyň edebiýaty bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlara duş gelýäris.
«Şasenem–Garyp» atly ajaýyp dessany okamadyk türkmen okyjysy ýok bolsa gerek. Şaapbasyň gyzyna aşyk bolan Garyp ne günleri görüp, ne söwdalary başdan geçirýär. Ol magşugyndan aýrylyp, ol şäherden başga şähere gidýär. Dessanda sanalýan şäherler: Şirwan, Şamah, Halap we beýlekiler. Okyjy Garyby häzirki Halap, Töwriz, Şirwan, Şamah şäherlerine gidendir öýdüp pikir edýär. Emma Türkmenistanyň taryhyny gowy bilýän adamlar, ýa Üstýurda syýahat edip gören
jahankeşdeler Şirwan, Şamah, Halap şäherleriniň, Akja gelin galasynyň, Şasenemiň köşgüniň eýlesi-beýlesi ýüz elli kilometr giňişlikde ýerleşendigini, ol şäherlerden galan harabalyklary görer. Şasenemiň galasy bolsa entegem dur…
Bu nähili bolýar? Eýse dünýäde iki Şirwan, iki Şamah, iki Halap barmy?
Taryhçylar şaýatdyr. Ozalky döwürde göçe-göçlükde tutuş obalar, şäherler bosgundan gaçyp tutuş göçüp gidipdiler. Elbetde, olar özleri bilen eziz şäherleriniň, öwlüýäleriniň atlaryny hem alyp gidipdirler. Ir zamanlarda ýaşap geçen türkmen şahyrlary hem şahsyýet derejesine göterilipdirler.
Adalatly kazy, adyl soltan Ahmet Burhanetdin Türkmen Siwasly şeýle şahslaryň biridir. Onuň mürzesi Eziz bin Ardaşir Burhanetdin Türkmen barada «Meýlis we söweş» atly ömürbeýan diwanyny ýazypdyr. Burhanetdin Siwasda mesgen tutan salyr türkmenlerinden, aýaly seljuk beginiň gyzy. Ol Siwas, Kaýsaryý, Tokat, Amasýa ýaly ýerlere hökmürowanlyk edip, Osman soltany Baýezit bilen kä dost, kä jet ýagdaýda döwran sürýär. Burhanetdiniň maksady Rumdaky tutuş türkmen begliklerini Garagoýunly hem Akgoýunly türkmen şalaryny birleşdirip, Orta
Aziýada düýp tutan Altyn orda hany Togtamyş bilen Demir agsagyň garşysyna uruşmak bolýar.
Burhaneddiniň garadangaýtmaz batyrlygy, merdanalygy tüýs türkmene bap, emma onuň türkmen halky üçin bitiren iň uly hyzmaty – bize galdyran edebi mirasydyr.
Şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar meşhur bolmak üçin ýa arap, ýa pars dilinde ýazyp başlaýarlar. Halk üçin edebiýat döretmek ikinji orna geçýär. Emma edebiýatyň öňi bilen öz halkyna – türkmen halkyna zerur gerekdigine düşünen Burhaneddin Türkmen tüýs türkmen dilinde gaty köp eser döredýär. Burhaneddin söweşde öldürileninden soň Osman döwleti has güýjäp, tutuş Ruma ýaýraýar. Belki, Burhaneddiniň edebi mirasyna Osman soltany Baýezidiň duşmanynyň mirasy hökmünde seredilen bolsa gerek, ol diwany Ýewropada öwrenilip başlanýança ylmy dolanyşyga girmeýär, öwrenilmeýär.
Türkmen şahyry Enweri barada ajaýyp rowaýat ýaşap ýör. Kaka töwereginde doglup, ömrüni Maryda, Abywerdde, Nusaýda, Balhda ýaşan Enweri bir ýola Nişapur bazaryna barýar. Bazaryň bir çetinde bir şahyr daşyna mähelle üýşürip şygyr okaýarmyş. Enweri şahyryň şygyrlaryny diňläp, tä ol goşgy okamasyny bes edýänçä diňläpdir, soňundan şahyrdan:
– Sen kimiň goşgusyny okaýarsyň? – diýip soraýar.
– Türkmen şahyry Enweriniň şygryny okaýaryn.
– Sen şahyr Enwerini tanaýarmyň beri?
– Haý, kişi gep gepled-ow! Men şahyr Enweriniň özi-dä!
Şahyr Enweri ol şahyra ýylgyryp seredipdir-de:
– Gazal-goşgy ogrusy köp diýerdiler weli, asyl şahyr ogrusy hem bar eken! – diýipdir.
Enweri şahyrlaryň içinde üç pygamber diýilýän pygamberleriň biri.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen edebiýatynyň taryhy çuňňur öwrenilip başlandy. Bilim ojaklarynda ýaş nesillere türkmen dessanlaryndaky ýer-ýurt atlaryny, owazasy dünýä dolan türkmen şahyrlarynyň döredijiligini içgin öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Edebiýat sapaklarynda söz ussatlarynyň dürdäne döredijiligi baradaky gyzykly maglumatlar bolsa, okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär.

Mugja TOGTAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty
mugallymy.