DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesiniň ady belli boldy

Zanzibaraly (häzir Tanzaniýanyň düzümine girýär) ýazyjy Abdulrazak Gurna 2021-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. Bu barada penşenbe güni Şwed Akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi, diýip «ТАСС» ýazýar.

Abdulrazak Gurna — Gündogar Sasseksede Braýton şäherinde (Beýik Britaniýanyň günortasynda) ýaşaýan, gelip çykyşy boýunça arap ýazyjysy. Ol 1948-nji ýylda Zanzibaranyň (1964-nji ýylda Tanzaniýanyň düzümine girdi) Sultanatynda eneden doguldy. 1968-nji ýylda Zanzibarada araplaryň garşysyna gönükdirilen meýilleriň ösmegi bilen Beýik Britaniýa göçüp bardy. 1980-nji ýyldan 1982-nji ýyla çenli Nigeriýada Baýero Uniwersitetinde leksiýa okady. 1982-nji ýylda Kent uniwersitetinde doktorlyk dissertasiýasyny gorady, 1985-nji ýyldan bäri şol ýerde işleýär.

Gurna on roman we birnäçe hekaýa çap etdi, bosgunlaryň çylşyrymly durmuşy baradaky tema onuň eserleriniň özenini düzýär.

Her görnüş boýunça Nobel baýragynyň möçberi, geçen ýyldakysy ýaly, 10 million krona häzirki kursy boýunça 1,14 million dollara) barabar bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: