Lebap welaýat kitaphanasynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi.
«Şygryýet bagynyň serpaýy» ady bilen geçirilen agşama Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Wagtyndan ir giden, ýöne türkmen edebiýatynda ýatdan çykmajak yz galdyran Gurbannazar Ezizow doglan gününden bäri 80 ýyl geçdi. Onuň döredijiligi biziň günlerimizde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şahyryň goşgulary iň köp okalýan eserleriň hataryna girýär.
Çärede onuň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Okuwçylar şahyryň goşgularyny labyzly okadylar. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gülbaba adyndaky baýragynyň eýesi Arslan Musaýew Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi.
«Baky juwan şahyr» atly kitap sergisinde Gurbannazar Ezizowyň eserleri, onuň döredijiligine bagyşlanyp, dürli döwürlerde ýazylan makalalar, şahyryň suratlary goýuldy.