BIZE YAZYARLAR

Dzýudo boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebinde dzýudo göreşi boýunça  2010 ― 2012-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynyda Türkmenabat şäheriniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda oglan-gyzlar 10 agram derejesi boýunça 251  sany oglan 50 sany gyz medallar ugrunda özara bäsleşdiler.

Ýaryşlar boýdan-başa gyzgalaňly geçmek bilen çekeleşikli pursatlara baý boldy.Ýaryşyň umumy netijesinde utuk sanlary boýunça Türkmenabat şäheri birinji orna, Farap etraby ikinji orna Halaç etraby üçünji orna mynasyp boldy.

Biziň sport mekdebimizde has tapawutlanan türgenler, ýagny Nasiba Hallyýewanyň tälim berýän türgenleri Miýesser Batyrowa (37 kilogram) birinji orna, Selbi Saidowa (40 kilogram) ikinji orna, Janan Açilowa (43 kilogram) ikinji orna, Zöhre Jumaýewa (51 kilogram) birinji orna mynasyp boldy.

Mundan başga-da Güljemile Kurbanowanyň türgenleri Arzuw Jumaýewa ( 40 kilogram) birinji orna, Malika Aşyrowa ( 43 kilogram)  birinji orna mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle hem Ahmet Rahmanowyň tälim berýän türgeni Şatlyk Gurbanow(32 kilogram) birinji orna mynasyp boldy.

Roza Saburowa

Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdeniniň  usulyýetçisi.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: