SPORT WE SYÝAHAT

Dzýudo boýunça Halaç etrabynyň birinjiligi geçirildi

Halaç etrabyndaky 3-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Oňa pälwanlaryň 90-a golaýy gatnaşdy.

2008 — 2010-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda türgenler agram derejeleriniň 10-sy boýunça bäsleşdiler. 

Tejribeli tälimçiler Rejep Penjiýewiň, Aýdogdy Allaýewiň, Begenç Şamyradowyň türgenleri ýokary netijelere eýe bolup, baýrakly orunlaryň aglabasyna mynasyp boldular. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: