JEMGYÝET

Dynç alyş merkezleri möwsüme taýýarlanylýar

Geljek tomusda Lebap welaýatynda çagalaryň köpçülikleýin dynç aljak, saglyklaryny dikeltjek merkezleri irgözinden möwsüme doly taýýar edildi.

Çärjew etrabyndaky 300 orunlyk «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde möwsüme taýýarlyk işleri talabalaýyk geçirildi. Bu ýerdäki ýatylýan we dynç alynýan otaglarda, kompýuter, aýdym-saz otaglarynda, naharhanada, açyk we ýapyk howuzlarda, oýun meýdançalarynda degişli abatlaýyş-rejeleýiş işleri geçirildi. Merkezde hersiniň dowamlylygy 20 güne deň bolan üç tapgyrda çagalaryň dynç alşy guralar.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň «Nebithimiýaçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dowamlylygy 10 güne deň bolan 5 tapgyrda çagalaryň jemi 250-siniň dynç alşyny guramak meýilleşdirilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezinde bolsa her biri 10 günden ybarat bolan tapgyrlarda ýüzlerçe çaga dynç alyp, wagtyny hoş geçirer.

Häzir welaýatyň etrapdyr şäherlerinde orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 388-si hereket etmek bilen, olarda ýaşlaryň 324 müňe golaýy bilim alýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: