Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde okuwçylaryň arasynda düzzüm boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.

«Türkmenistan» bedenterbiýe we sport guramasynyň welaýat bölümi bilen welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda geçirilen duşuşyklara welaýatyň orta mekdeplerini toparlary gatnaşdylar. Oýunlara her toparyň düzüminde iki oglan we iki gyz gatnaşdy. Bäsleşigiň jemi boýunça Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, Saýat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçylary ikinji, Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orunlary eýelediler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: