SPORT WE SYÝAHAT

Düzzüm boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiligi geçirildi

Ýakynda düzzüm boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Türkmenabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Oňa sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan çagalaryň 25-e golaýy gatnaşdy.

Welaýat merkezindäki 13-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşda Türkmenabat şäherindäki 9-njy, 26-njy we 34-nji orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylar ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan Dilnaza Jumaniýazowa ýene-de hemmelerden rüstem geldi. Selbi Maşaripowanyň ikinji orny eýelän ýaryşynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna Janan Durdymyradowa çykdy.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda iň ýokarky orny Amir Öwezow eýeledi. Doganlar Sanjar we Samir Awezowlar bolsa ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: