Düzzüm boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiligi geçirildi
Welaýat merkezindäki 9-njy orta mekdepde düzzüm boýunça 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Türkmenabat şäheriniň birinjiligi ugrunda ýaryş guraldy. Şahsy görnüşde geçirilen bu ýaryşa düzzüm oýnunyň muşdaklarynyň 30-a golaýy gatnaşdy.
Çekeleşikli häsiýete eýe bolan duşuşyklar türgenleriň ýaryşa taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Ýaryşyň dowamynda Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň okuwçylary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler. Ýagny gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça Selbi Matşaripowa, Aýnura Bazarbaýewa we Sabina Matşaripowa degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Oglanlardan bolsa Sanjar Awezow, Amir Öwezow we Samir Awezow dagy ýeňiji diýlip yglan edildiler. Ýeňijileri ýaryşa Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň tälimçisi Kamyljan Jumaniýazow
taýýarlady.