SPORT WE SYÝAHAT

Düzzüm boýunça Lebap welaýatynyň göçme kubogy ugrunda ýaryş geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdepde düzzüm oýny boýunça Lebap welaýatynyň göçme kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.
Toparlaýyn geçirilen ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat we Çärjew etraplaryndan mekdep okuwçylary, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Ýaryşyň dowamynda Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiň I we II toparlary ussatlyklaryny nobatdaky gezek subut edip, birinji we ikinji orunlary eýelediler. Olara bu sport mekdebiniň tälimçisi Kamyljan Jumaniýazow halypalyk etdi. Talyplar topary
ýaryşyň üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldy. Ýeňijiler degişli diplomlar bilen sylaglandylar.