SPORT WE SYÝAHAT

Düzzüm boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde düzzüm boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň, Saýat etrabynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Erkekleriň we zenanlaryň arasynda aýry-aýrylykda geçirilen ýaryşda erkekleriň
arasynda welaýat merkezindäki baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Eziz
Artykow aýratyn tapawutlanyp, birinjiligi eýeledi. Ikinji we üçünji orunlara
bolsa Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň türgenleri Amir
Owezow bilen Gaýrat Bagtyýarow mynasyp boldular.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
wekilleri zenanlaryň arasyndaky ýaryşda hem hormat münberiniň iň ýokarky
basgançagyna çykdylar. Has takygy, bu ýokary okuw mekdebiniň talyby Selbi
Jumanyýazowa ähli bäsdeşlerinden üstün çykyp, birinji orny eýeledi. Ikinji we
üçünji orunlara bolsa welaýat merkezindäki 13-nji sport mekdebiniň türgenleri
Niginabanu Çaryýewa bilen Dilnaza Jumaniýazowa dagy eýe boldy.             Welaýatymyzyň çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleriň aglabasy
baýry tälimçi, Türkmenabat şäherindäki 9-njy mekdep-internatynyň mugallymy
Kamiljan Jumaniýazowyň şägirtleridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: