Düzzüm boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde düzzüm boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. 2005-nji ýylda doglanlaryň we ondan kiçi ýaşlylaryň arasynda guralan bu ýaryşlara Türkmenabat şäheriniň, Saýat, Çärjew we Dänew etraplarynyň türgenleri gatnaşdylar.

Şahsy görnüşde gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda türkmenabatly türgenler Selbi Jumaniýazowa we Nigina Çaryýewa degişlilikde birinji we ikinji baýrakly orunlary eýelediler. Dänewli Mähri Aýmakowa bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Oglanlaryň arasynda guralan ýaryşlarda türkmenabatly türgenlere taý tapylmady. Ýagny, welaýatyň ussat tälimçisi Kamiljan Jumaniýazowyň şägirtleri Gaýrat Bahtiýarow birinji, Ilham Ihtiýarow ikinji, Ilýas Rahmatullaýew üçünji orunlary eýelediler.

Toparlaýyn görnüşde Türkmenabat şäheri birinji, Saýat we Çärjew etraplary degişlilikde ikinji we üçünji orunlara eýe boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector