SPORT WE SYÝAHAT

Düzzüm boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde düzzüm boýunça 16 ýaşa çenli we şondan kiçi ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda welaýatyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat we Çärjew etraplaryndan ýaş düzzümçileriň 30-dan gowragy gatnaşdy.
Türkmenabatly türgenler onuň dowamynda has üstünlikli çykyş etdiler. Netijede, oglanlardan Amir Öwezow, gyzlardan bolsa Dilnaza Jumaniýazowa has köp utuk toplap, welaýatyň birinjiligini gazandylar. Türkmenabatly düzzümçiler Sanjar Öwezow we Selbi Maşaripowa ikinji orna mynasyp boldular.
Saýatly türgenler Muhammet Döwletmyradow we Suraý Arslanowa dagy üçünji orny eýelediler.