BIZE YAZYARLAR

Düzgünleri berjaý edeliň!

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda uly işler amala aşyrylýar. Şolaryň möhüm bölegi bolsa, olaryň saglygyny goramak maksady bilen köçelerde, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegini gazanmakdyr.
Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap binalar, ýollar gurlup, ulanylmaga berilýär. Ata Watanymyzyň ösüşlere eýe bolýan döwründe awtoulaglaryň sany barha artýar. Bu bolsa ýol hereketiniň gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. Şonuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möhüm işler alnyp barylýar. Bu diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem her bir raýatyň borjy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çärelerini guramaçylykly geçirmek, oňa gatnaşýan düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we olary ýokary derejede geçirmek barada tabşyryklary berdi.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty birnäçe syýasy ugry özüne birikdirýär. Onda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olaryň netijeleriniň agyrlygyny peseltmek maksatlary bilen döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we beýleki ýuridik şahslaryň, şeýle hem fiziki şahslaryň işini utgaşdyrmak, awtomobil, ýerüsti elektrik ulaglarynda we ýol
hojalygynda işi düzgünleşdirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek we tassyklamak, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleri maddy-tehniki we maliýe taýdan üpjün etmek, ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagy, raýatlara ýol hereketiniň kadalaryny hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny talaplaryny öwretmegi guramak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün
etmek boýunça çäreler toplumyny geçirmek, howpsuzlyk bilen baglanyşykly işi ygtyýarlandyrmak ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar.
Ýol hereketine gatnaşyjylaryň bir görnüşini düzýän pyýadalardyr. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýol hereketinde pyýadalar we ýolagçylar artykmaçlykdan peýdalanýarlar. Emma bu ýol hereketine gatnaşylanda, olary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar. Pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleri häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrüldi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýollar şu wezipäni nazara almak arkaly gurulýar. Türkmenistanyň ýol ulag düzümi yşyklar bilen kadalaşdyrylýan çatryklary, köprüleri, ýer asty geçelgeleri, awtoduralgalary we beýlekileri öz içine almak bilen, pyýadalaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Olara diňe ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek galýar.

Hemrakuly TEKEÝEW,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň
trawmatologiýa nokadynyň trawmotolg-ortoped lukmany.