BIZE YAZYARLAR

Düýe türkmeniň gadymy malydyr

Ynha şu günler ýurdumyzda güýz paslynyň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Babadaýhanlarymyz ýerlerde ýetişdiren ak pagtasynyň soňky hakasyna çenli zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak.güýzki bugdaý ekişini üstünlikli tamamlamak, aralyk ekinleriň, baglaryň hasylyny ýygnamak işlerini alyp barýarlar. Ynha şu gyzgalaňly döwürde çopanlaryň bolsa esasy pişesi gyş paslyndan mallary dok alyp çykmak üçin ot-iýim ýygnap, gyşa taýýarlyk
görmek bolup durýar. Dogrusyny aýtsak, gyş paslynyň nähili geljegi belli däl, kä ýyllar gyş pasly has aňzakly hem dowamly gelýär. Şonuň üçin bakylýan malyň görnüşine seretmezden, çopanlar gyşdan mallary dok alyp çykmak üçin gezekli ot-iýimleri ýeterlik bolmaly. Häzirki wagtda biz düýe mallarymyz üçin ýorunja, dary, ýandak, selin, sazak ýaly ot-çöpleri, şulha ýaly mal iýimlerini ýeterlik mukdarda taýýarlap goýulýar. Bulardan başga-da häzirki wagtda hem
mallara ot-çöp ýygnamagy dowam etdirilýär.
Düýe malyny bakmak üçin Garagum sährasynyň öri meýdanlaryndan bize her düýe üçin 30-40 gektar ýer berilýär, ýöne aşaky çöllerde ot-çöpüň düýelere ýeterlikdigi sebäpli her düýä 3-4 gektar ýer berilýär. Elbetde, “Pebdi” ýaýlasynyň ot-çöpi Garagum sährasynyňkydan has köpdür.
Şol sebäpden Garagum sährasynda mal bakýan çopanlar gyş paslyna has dogumly, berk taýýarlyk görmeli bolýar. Mundan başga-da biz düýe mallarymyza ýörite sargytlar esasynda saryun, şulha ýaly iýimlerden hem gerekli mukdarda taýýarlap goýýarys. Gyşda düýe malyny näçe dok baksaň ýazlyga çykanda güýç-kuwwatly bolýar we ene düýeler köpelende hem
köşekleri daýaw, gaýratly bolup dogulýar. Maldarçylykda hem edil adamlaryňky ýaly, sagdyn köşekler köpüräk dogulsa, olar ulalansoň hem kuwwatly ner düýelere, owadan akmaýalara öwrülýär.
Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew daýhan birleşiginiň düýedarçylyk fermasynda zähmet çekýän Hojyýewler maşgalasy durmuş ýolumy düýe malyna, düýedarçylykda işlemäge bagyşlap, Garagum sährasynda düýe çopany bolup işleýändikleri üçin gaty bagtly hasaplaýarlar. Bakýan düýeleri köşekleriniň 50 göterimini döwlete berseler, beýleki 50 göterimi hojalygyna girdeji bolýar. Şeýlelikde Hydyr gezen çöllerde halal zähmet çekip, ýokary girdeji alyp, döwletimizde düýedarçylygyň ösmegine öz goşantlaryny goşýarlar. Biziň ýurdumyzyň düýe çopanlaryna döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilip berilýär. Şeýle şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.

Şöhrat BABAKULOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.