Ynha görşümiz ýaly 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly beýleki pudaklar bilen deň hatarda oba hojalygynyň maldarçylyk şahasynda zähmet çekýän çopanlar üçinde bereketli ýyllaryň birine öwrüldi. Biz bu ýyl düýe mallaryndan ýokary netije gazanyp, 253 ene düýeden 118 sany köşek aldyk. Biz çopanlara döwletimiz tarapyndan uly şertler döredildi. Her ýyl ene
düýelerden näçe köp köşek alyp bilseň, döwletimiz üçinem, öz şahsy hojalygymyz üçinem has bähbitli! Sebäbi öndürýän önümimiz bolan her ýylky dünýä inýän köşekleriň 50 göterimi biziň özümize berilýär.
Düýe malynyň etäm, süýdäm, çalam, ýüňäm derman hasaplanýar. Geliň şolardan düýe çaly barada gürrüňimizi dowam etsek düýe çaly howanyň yssy günlerinde janyna has ýakymly we peýdaly içgi. Çünki türkmen aga üçin tomsuň jöwzaly günlerinde düýe çalyndan gowy teşneligiň gandyryp biljek içgi ýokdur. Ildeşlerimiziň köpüsi meniň sözümi diňläp, gök çaý näme hem düýýändirler.. Ýöne tomsuň jöwzaly günlerinde gök çaý düýe çalynyň ornuny
tutup bilmez diýseň, ildeşlerimiz meniň bilen ylalaşarlar. Düýe maly el bilen sagylýar. Düýe çaly inçekesel, aşgazan keselleri we ýene-de onlarça keseller üçin örän peýdaly dermanlyk içgi hasaplanýar.
Düýe süýdünden, çaldan başga-da agaran, doýran, süzme, peýnir, gurt ýaly süýttarşy önümleri we mesge taýýarlanýar. Düýe süýdüniň süýjüligi ähli görnüşli süýtlerden ýokarydyr. Olaryň hemmesi adamyň gündelik durmuşynda giňden peýdalanýar.
Biz çopanlar, düýe süýdünden alynýan önümler barada öz dünýägaraýşymyzy, tejribämizi artdyrmak maksatly dürli kitaplary, internet maglumatlary bilen gyzyklanyp, bilimimizi, düşünjämizi artdyryp durýarys. Geliň häzir düýe süýdünden alynýan düýe çaly barada söhbet açalyň. Düýe çalyny taýýarlamak üçin täze sagylan düýe süýdi zerurdyr. Süýt uly syrçaly gapda ýa-da küýzelere guýulýar. Onuň üstüne turşulygy 100-150 gradus temperaturada bolan önümçilik gönezligi atylýar we soňra 2-3 minutlap garylýar. Diňe şondan soňra garyndynyň üstüne 1,5-2 esse köp bolan möçberde suw guýulýar. Şeýlelikde, ýokarda görkezilen goşundylaryň diňe bir garyşdyrylmagy däl, eýsem onuň kislorod bilen buýluşdyrylmagy hem bir wagtyň özünde kükürt turşuly gazdan hem azat edilmegi gazanylýar. Bu ýagdaýda süýdiň turşulygy 30 minudyň dowamynda 60-70 gradus temperaturada ýokarlandyrylýar. Şol wagt kazeýin we köpürjik görnüşli beýleki ýaglary ýokary göterilip, agaran bolup, garyndynyň ýüzüne çykýar.
Düzüminde ýokarda aýdylan garyndylaryň ujypsyz mukdaryny özünde saklaýan suwy bolsa, çal görnüşinde aşakda galýar. Şondan soňra süýt öz-özünden gazlaşdyrmak we turşatmak üçin 4-12 sagatlap, 20-25% gradus gyzgynlykda basyrylyp goýulýar.
Agarynyň turşulygy 18-20 gradus gyzgynlyga ýetende, şeýle hem özüne mahsus ýakymly ysy peýda bolanda, içgiler taýýar diýlip hasap edilýär. Ine diňe şondan soňra gaby hiç bir tarapa gozgaman, seresaplyk bilen çemeleşip, içginiň ýüzüniň agarany aýrylýar, çal bolsa şol gabyň içinde galdyrylýar. Şeýlelikde türkmeniň gadymy we iň bir gymmat bahaly süttarşy önümi, ýagny düýe çaly taýýar bolýar.
Halkymyz: “Düýe malym – dünýe malym” diýip, düýelerimize ýokary baha beripdir. Düýe süýdüniň nähili keramatlydygyny, adam saglygy üçin nähili jana şypadygyny biz türkmen halk ertekisi bolan “Ak pamyk” ertekisini okanymyzda hem çagalyk ýyllarymyz gaýbana tanyşypdyk. Erteki-erteki bolýar, emma ol diňe ýagşy niýeti ündeýän halk döredijiliginiň görnüşi bolmak bilen onda Ak pamyk düýe süýdüniň üsti bilen öz doganlaryna täzeden jan berýär. Bu
bolsa düýe malynyň hormatynyň türkmeniň aňyna, ruhyna siňendiginiň alamatydyr.
Ýene tymsallara ýüzlenip görenimizde, atalarymyz “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýipdirler we bu jümleler halkymyzyň aňynda nakyla öwrülip ýaşaýar. Bu sözler diňe bir nakyl däl, bu türkmeniň mert ýigitlerine edilýän wesýetdir. “Şasenem-Garyp” dessanyndaky: “Kejebäň çekmäge ak maýa gerek” diýen setirler halkyň bu jandara näderejede uly hormat
goýýandygyna uly bir baha dälmi, eýsem. Düýe maly hakda Gahryman Arkadagymyzyň ýan kitabymyza öwrülen kitaplarynda hem kalbyňy ganatlandyrýan sözler getirilýär.
Düýe çaly melhem içgi höküminde uly isleg bildirilip, birek-birege hödür edilýän şypaly hem-de ekologiýa taýdan arassa melhemlik içgidir. Hut şuňa esaslanyp, ata-babalarymyz “Düýe maly – derde däri” diýip zynharlap aýdyp geçipdirler. Goý, düýe çaly siziň diňe teşneligiňizi gandyrmak bilen çäklenmän, eýsem siziň ruhuňyzy hem has belende götersin.
Bize işlemäge, medenýetli dynç almaga, bala-çagalarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmegine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş- durmuş şertleriniň has ösmegine uly şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,
ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.
Bagtyýar DERKAROW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk
we syýasy işler bölüminiň müdiri.
