Bu ýyl «Dutaryň owazy» atly gözden geçiriliş türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutuş bir ýyl dowam etdi. Bu waka köp sanly çäräniň – türkmen hem rus ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda tutuş bir ýyllap dowam eden bäsleşiklere we konsertlere ýol açdy.
Festiwalyň çäklerinde 28-nji oktýabra beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahata Türkmenistandan we Russiýadan alymlar hem saz öwrenijiler gatnaşar. 3-nji noýabrda Russiýanyň Sungat akademiýasynyň muzeý-sergi toplumynda bäsleşigiň ýeňijileri üçin uly konsert we baýrak gowşuryş dabarasy bolar. 16-17-nji dekabr aralygynda bolsa Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gündogar şygryýetine bagyşlanan «Şekiller» atly surat bäsleşiginiň ýeňijileriniň sergisi geçiriler.

