BIZE YAZYARLAR

Dutar-jadyly senet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli medeniýetimiz, saz sungatymyz, senetçiligimiz görlüp eşidilmedik derejede ösýär, özgerýär.
Türkmeniň saz sungaty we milli medeniýeti barada söz açylanda ilki bilen dutar saz guralyny bellemeklik dogrudyr. Türkmeniň naýbaşy saz gurallarynyň biri bolan dutar türkmen halkynyň milliligini we ruhy gymmatlygyny alamatlandyrýar. Dutar diňe biziň ýurdumyzda däl-de eýsem, Merkezi Aziýanyň birnäçe halklarynyň arasynda hem meşhur, ýörgünlidir. Emma olar daşky görnüşi şeýle-de atlandyrylyşy bilen tapawutlanýarlar. Dutar-saz guraly müňýyllyk taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýdym-saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halk aýdymlarynyň milli dutar saz guralynda ýaňlanýan äheňler halkymyza mahsus özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Bu saz gural
ýyllaryň dowamynda “Tanbur”, “Tamdyra” hem-de “Dutar” atlary bilen bellidir. Dutar üç bölekden ybarat bolup: kädi, gapak, sap. Dutaryň kädisi, gapagy tut agajyndan, sapy bolsa erik agajyndan ýasalýar. Kirişleri saza düzmek üçin dutaryň iki sany gulagy bar. Dutaryň 13 sany perdesi bardyr. Dutaryň iki kirşi bolýar. Şol sebäpden hem gündogar halklarynda bu saz gurala dutar diýilýär. “Du” arap-pars dilinde “iki”, tar bolsa “kiriş” diýmekligi aňladýar.

Dutar saz guralyny ýekelikde çalmak, şeýle-de bagşynyň aýdymyna sazandarlyk etmek üçin köp ulanylýar. Dutarda şirin owaz, ajaýyp mukam bolup ýaňlanýan halk aýdymlarymyz ynsanyň içki dünýäsini wasp edýär. Dutaryň tarlarynyň söz bilen düşündirip bolmaýan gudratly, jadylaýjy äheňi bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän “Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda türkmen halkynyň millilige, asudalyga we erkinlige bolan söýgüsi, medeniýeti, saz sungaty, däp-dessurlary özboluşlylygy bilen jemlenipdir. Bu ajaýyp kitapda saz we sözüň güýji bilen ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlar çeper beýanyny tapýar.


Dutar ýasamak senetçiligiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halky üçin buýsandyryjy wakadyr.
Milli medeniýetimiziň we senetçilik sungatymyzyň ösmegi, ruhy gymmatlyklarymyzyň bütin dünýä ýüzünde uly hormat-sarpa eýe bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri rowaç alsyn!

Maýsa BAÝRAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy.