Garaşsyz baky Bitarap Diýarymyzda bag ekmek, bagbançylyk işi bilen meşgullanmak iň sarpalanýan kärleriň biri hasaplanýar. Haçan-da seniň nesibäň çekip, ýat illere baranyňda myhmançylyga barýan adamyň aňyrsynda bagban bar bolsa “Pylany bagbanyň ogly ýa-da nebereleri” diýseň, saňa bada-bat salgysyny berýärler.
Ine, Halaç etrabynyň “Altyn asyr” geňeşliginiň Mäşpaýa obasynyň ýaşaýjysy bagban Agamyrat Hatamowdyr. “Ata kespi ogla halal” diýlişi ýaly Agamyrat aganyň kakasy Hatam Baýhan hem bag ýetişdirip, döwründe güýçli bagban bolan. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Hatam aga häzirki Mäşpaýa obasynyň daýhan birleşigiň başlygy bolup işläpdir. Ol Beýik Watançylyk urşundan sag aman dolanyp gelip, kolhoz başlygy bolup işlän döwründe obadaşlaryna baş bolup, el bilen kanal, aryk gazdyryp, bag nahallaryny, tut nahallaryny ekdirip, uly bir bag döredipdir. Häzirki wagtda hem Mäşpaýaly ýaşaýjylar Hatam nahallyk diýen bag atyzy ýatdan
çykarmaýarlar. Dogrusy soňky ýyllarda bag, tut nahallary garran soň bu ýeriň agaçlary çapylyp, gowaça meýdanyna öwrülipdir. Hatam Baýhanyň döreden baglyk atyzynda kiçi ogly Sapa Hatam gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirýär. Bagban Agamyrat Hatamow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize köp ýyllardan bäri kakasy Hatam Baýhanyň bagy sökülensoň, “Ata
kespi ogla halal” diýlişi ýaly, edil kakasynyňky ýaly bag ekip, bagbançylyk etmek arzuwy bilen ýaşap, bu arzuwyna 2019-njy ýylda ýetendigini gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, bag ekjek raýatlarymyza ýer böleklerini bölüp bermek syýasaty Agamyrat agalaryň öýünde bereket
çeşmesini eçildi.
2019-njy ýylyň dekabr aýynda Agamyrat aga 3 gektar kärendesine bag ekmek üçin ýer bölegini alyp, ol ýere 2 müňe golaý bag nahallaryny ekýär. Şol günler bag nahallaryň 1,5 müň düýp alma nahal, 200 düýp garaly, armydyň 100 düýbi, şetdalynyň 20 düýp nahalyny täze döredilen baga
ekýärler. Ine, geçirilen agrotehniki çäreler esasynda bag 3 ýyldan soň hasyl berip başlaýar. Häzirki wagtda Agamyrat aganyň bagynda almanyň 4 görnüşi, garalynyň 2 görnüşi, Almyrudyň 2 görnüşi, şetdalynyň 2 görnüşi ýylyň-ýylyna bol hasyl eçilýär. Agamyrat bagbanyň bagynda ýetişýän bag miweleri irki, orta we güýzki ýetişýän baglardyr. Bagbanyň gürrüň bermegine görä baglary ekeniňde miwesini ýerlemegiň hem aladasyny edip, bag miweleri birbada hasyl bermän, irki, orta, giçki hasyl berýän nahallardan ekseň ýerlemek hem ýeňil, mundan başga-da ýylyň maý aýyndan noýabr aýyna çenli bagban hasyl alyp bolýar.
Biz ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Halaç etrap komitetleri bolup, Agamyrat aganyň bagynda halypa-şägirtlik duşuşygyny geçirdik. Duşuşyga Köýtendag, Kerki, Halaç etraplaryndan öz kärine ökde bagbanlar bar. Olaryň arasynda Agamyrat aganyň halypasy Köýtendagly seçgiçi bagban Akmyrat aga hem bar. Şol gün bagbanlaryň öz aralarynda pikir alyşyp, baglara edilýän idegler, täze döredilýän miwe
nahallary bara hem-de ýaş baglara sapma işini geçirip, ýokary hasyl berýän nahallary kemala getirmegiň işçi syzlary barada gyzykly gürrüňleri diňlemek bize miýeser etdi. Akmyrat aga öz bagynda täze döreden miwe nahallary barada gürrüň berip, ýörite olaryň täze hasyllaryndan hem dadymlyk alyp gelipdir. Şolaryň arasynda çybygy daşary ýurtdan getirilip, üzüm çybygyna
sapylyp, döredilen “Awatar” atly üzümiň has üýtgeşikligini hemmeler buýsanç bilen belläp geçdiler. Soňra halypa şägirtlik maslahatyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Halaç etrap komitetleri tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Bagtyýar DERKAROW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň
guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.

