Türkiýäniň «Fenerbahçe» kluby Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» toparynyň merkezi ýarym goragçysy, dünýä çempiony N’Golo Kanteni resmi taýdan öz düzümine goşandygyny yglan etdi. Stambul kluby bu transfer barada «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda «Biziň “Fenerbahçämize” hoş geldiň, N’Golo Kante!» diýen sözler bilen habar berdi. Fransiýaly ýarym goragçy bilen 2028-nji ýylyň iýunyna çenli möhleti bolan şertnama baglaşyldy.
Bu transfer resminamalardaky käbir kynçylyklar sebäpli esasy transfer penjiresi döwründe bökdelipdi we iki klubun arasynda düşünişmezliklere sebäp bolupdy. Emma FIFA-nyň ýörite rugsat bermegi we ähli meseleleriň çözülmegi bilen, tejribeli futbolçy indi resmi taýdan türk klubunyň köýnekçesini geýer. Insaýder Fabrisio Romanonyň habar bermegine görä, taraplar ähli kynçylyklary yzda galdyryp, ylalaşygy doly tamamladylar.
Düşünişmezlikler çözüldi, dünýä çempiony türk klubynda
04
Feb
