Hojambaz etrabynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň başlanmagynyň öňüsyrasynda etrap bilim bölümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi bilen bilelikde maslahat geçirip, ýörite meýilnama taýýarladyk. Onda köptaraply we maksada okgunly işleriň birnäçesini göz öňünde tutduk. Işlerimizi etrabymyzyň çäginde awtoulaglaryň bökdençsiz we kada laýyk hereket etmegini gazanmaga gönükdirdik. Şeýle-de meýilnama esasynda mekdep okuwçylarynyň, çagalar baglarynyň körpeleriniň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek barada düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barýarys. Käbir mekdeplere, çagalar baglaryna barmak üçin köp gatnawly ýollary kesip geçmeli bolýar. Şonda ýolyşygynyň, köçe-ýol belgileriniň, etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň işgäriniň talaplaryny berjaý etmegiň zerurdygyna çagalaryň ünsüni çekýäris.
Biz şu wagta çenli etrapdaky mekdeplerde, çagalar baglarynda, şeýle-de edara-guramalaryň birnäçesinde bolup, köçe-ýol hereketiniň düzgünleri barada wagyz-nesihat çärelerini geçirdik. Biziň ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak üçin edýän dyngysyz aladalarymyz ýollarymyzyň asudalygy, il-günümiziň parahat durmuşymyzyň rahatlygydyr.
Serdar RAHMANOW,
Hojambaz etrap polisiýa bölüminiň Döwletli şäherde bölümçesiniň PÝGT-niň başlygy, polisiýanyň uly leýtenanty.