BIZE YAZYARLAR

Düşündiriş işleri geçirilýär

Şanly ýylymyzyň sentýabrynda üstünlikli geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy gowy netijeler bilen dowam edýär. Döwlet derejesinde asylly däbe öwrülen il-gün bähbitli çärä hemmeleriň işjeň gatnaşýandygyny ýatlamak ýakymlydyr.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk etrabymyzda-da guramaçylykly geçirilýär. Bu möhüm işe bölümçämiziň işgärlerem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle goşant bolsa, köçe-ýollara gözegçilikden, täsirli guralýan wagyz-nesihat çärelerinden ybarat bolýar.

Bilelikde guralýan öwüt-ündew işlerimizde şäherimiziň ilatyna köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünlerini düşündirýäris. Biraýlygyň geçirilmeginiň maşgalalarymyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagyndaky ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüň berýäris.

Namaz GAPUROW,

Köýtendag etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: