SYÝASAT

Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

Geçen çarşenbe güni Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy geçirildi. Bu barada «orient.tm» habar berýär.

Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça ýörite wekiliniň orunbasary, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de Gazagystan Respublikasynyň Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi gatnaşdylar.

Bu duşuşyk taraplara sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de sebitde durnuklylygy saklamak we ösüşi gazanmak ugrunda Merkezi Aziýa döwletleri hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary giňeltmek meseleleri bilen bagly pikirleri alyşmaga mümkinçilik berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara ulgamynyň berkidilmeginde, bu ugurda halkara tagallalaryň birleşdirilmeginde Türkmenistan bilen BMG-niň, şol sanda onuň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler.

«Ýaşyl» ösüşi mundan beýläk öňe sürmekde, ekologiýany we biodürlüligi saklap galmakda, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmakda sebit kooperasiýasyny mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: