BIZE YAZYARLAR

Durşy bilen melhem kök

Ata Watanymyz Türmenistan durşy bilen melhemlikler ýurdy. Şol ajaýyp
melhemlikleriň biride türkmen buýanydyr. Buýan oty özüniň köki bilen ynsan saglygyna egzilmez melhemliklerini eçilýär.Ýer ýüýzüniň köp ýerinde
ösýändigi, ýöne türkmen buýanynyň has gymmatly serişde hökmünde
hasaplanylýandygy aýratyn bellärliklidir. Milli Liderimiz biziň amatly howa
şertlerimiziň bu ösümliklere köpsanly peýdaly maddalaryň toplanmagy üçin şert döredýändigi bilen esaslandyrýar.
Häzirki wagtda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almakda buýan köki örän netijeli serişdeleriň biridir.
Gündogaryň meşhur alymy Ibn Sinanyň aýdyşy ýaly, buýan köki dem alyş
ýollarynyň damarlaryny ýumşadyp, bokurdagyňy hem-de sesiň gowy
çykmagyna kömek edýär. Bu ösümligi lukmançylykda dem alyş we iýmit
siňdiriş ulgamlarynyň dürli kesellerini bejermekde giňden peýdalanýarlar.
Buýan kökünden taýýarlanan dermanlar 100 göterim adam bedeninde ýaýrap, onuň keselden tiz gutlmagyna ýardam edýär.
Buýan köki ýürek kesellerinde, demgysmada, üsgülewige em bolýar. Lukman Hekim demgysma bolan adamlara buýan köküniň bir günde 4-5 içmegi buýurypdyr. Şeýlede buýan köküniň eretmesi peşew ýollarynyň, sary getirmede we aşgazan-içege kesellerine kömek edip, oňa em bolýar.
Düzüminde gymmatly mikroelementler köp bolan türkmen buýany hili we
ulanyş sypatlary boýunça dünýäde iň gowularynyň biri hasaplanylýar. Buýan kökünden taýýarlanan melhemlikler esasan hem sowuklama kesellerine, şeýle-de üsgülewige örän haýyrly bolup durýar.
Buýan köki, onuň goýy we guradylan ekstraktlary daşary ýurtlarda uly islege eýe bolup, ol ýurtlara eksport edilýär.

Hanipa NURULLAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: