BIZE YAZYARLAR

Durnukly şäherler – geljek hakynda aladadyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň şäherleriniň durnukly ösdürilmegi, döwrabaplaşdyrylmagy, täzeçil enjamlar bilen abadanlaşdyrylmagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar.

Şäherler — adamlaryň özaragatnaşygy,  ýaşamagy, zähmet çekmegi, bilim almagy, saglygyny berkitmegi üçin niýetlenilen çylşyrymly ulgamlar toplumy. Şäheriň nämedigi barada gysgaça jogap bermek örän kyn, çünki Şäher – bu diňe bir çäk bolman, eýsem adamyň hemişe kämilleşdirmäge we gowulandyrmaga ymtylýan özara gatnaşyklar ulgamydyr. Ynha şu ýerde ýönekeý şäherden iň döwrebap, innowasion ýokary tehnologiýalaryň ählisini özünde jemleýän Durnukly şähere geçiş amala aşyrylýar.

Durnukly şäher – adamyň ýaşaýyş şertleriniň we onuň daşky gurşawynynyň kämilleşdirmek  we gowulandyrmak maksady bilen Hökümetiň, işewür guramalaryň, önümçilik kärhanalaryň we täjirçilik däl guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hasabyna daşky gurşaw bilen sazlaşykly,  hem-de adamlaryň özaragatnaşygy,  ýaşamagy, zähmet çekmegi, bilim almagy, saglygyny berkitmegi üçin oňaýly şertleriň  döredilip, ösdürilýän, kämilleşdirilýän  şäheridir.

Durnukly şäheriň strategiýasy ähli umumylyklary göz öňünde tutup, öz-özüni ykdysady taýdan üpjün etmäge ukyplylygy, şeýle-de raýatlaryň işjeň gatnaşmagy bilen, tebigatymyzyň ekologiýa ulgamlarynyň goralmagyny öz içine alýar.

Durnukly şäherleri ösdürmek boýunça taslama aşakdakylara gönükdirilen:

  • Aşgabat şäherinde we Awazada toplumlaýyn pes uglewodorodly we howa üýtgemegi nukdaý nazardan durnukly çözgütleri kesgitlemek, işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri we amatly şertleri döretmek;
  • Parnik emele getiriji gazlarynyň daşky gurşawa zyňylýan mukdaryny azaltmak hem-de daşky gurşawa ýetirilýän beýleki ýaramaz täsirleri aradan aýyrmak;
  • Daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş baradaky maglumatlary ýaýratmakda ýardam bermek, bu ugurda edaralaryň we ýolbaşçylaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle-de şäherleri durnukly ösdürmek  baradaky strategiýanyň we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek arkaly toplanan tejribäni köpçülige ýaýmak hem-de umumy milli derejede taslamanyň synag çäreleriniň netijeleriniň gerimini giňeltmek.

Häzirki wagtda BMG-niň Ösüş Maksatnamasyň we Tükmenistanyň  Hökümetiniň, hususy pudagyň we jemgyýetçilik guramalarynyň özara hyzmatdaşlygy netijesinde energiýadan netijeli peýdalanmak, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek, şäherleriň daşky gurşawynyň düzüm böleklerine gözegçilik etmek, şäherde galyndylary dolandyrmak, jemgyýetçilik maksatly binalarda “ýaşyl tejribeleri” ornaşdyrmak babatda tagallalary utgaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Geçen döwürde bilermen  hünärmenleri “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” hem-de “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaklyga, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek baradaky Milli Strategiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamaklyga işjeň gatnaşdylar, Türkmenistanyň elektrik energetika pudagynyň durnukly ösdürilmegine ýardam berýän kadalaşdyryjy tehniki resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna goldaw berdiler.

Türkmenistanyň şäherlerinde ekologik gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen atmosfera howasynyň we suw serişdeleriniň hapalanmagynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin barlaghana enjamlarynyň, hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň ekologiýa barlaghanalary üçin barlaghana esbaplarynyň we himiki reagentleriniň iki tapgyry taslamanyň çäklerinde satyn alyndy we üpjün edildi.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ähli mümkin bolan çäklerinde ekologiýa babatdaky çäreler giňden dowam etdirilýär, aýratyn hem plastik, aýna we kagyz galyndylaryny ýygnamak boýunça üstünlikli tejribesini aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde galyndylaryň döredilmeýän ulgamyna däl-de, energiýa beriji çig malyň emele gelýän ulgamyny kemala getirmek mümkinçiligi tapawutlandyrylýar.

2019-njy we 2020-nji ýyllarda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan plastik galyndylaryny ýygnamak boýunça çäreleriň birnäçesi durmuşa geçirildi. Taslamanyň hyzmatdaşy – Türkmenistanyň Tebigy goramak jemgyýeti bilen bilelikde, galyndylary gelip çykyşy boýunça seljermek babatyndaky başarnyklary özleşdirmek we gaýtadan işlenýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen ilat arasynda galyndylary ýygnamak boýunça çäreler ýaýbaňlandyryldy. Çäreleriň birinji tapgyrynyň başlanan pursadynda diňe plastik ýygnanmaga degişlidi, häzirki wagtda ikinji tapgyryň çäklerinde plastik, aýna we kagyz galyndylary ýygnalýar.

Ýeri, biz durnukly şähere ýakynlaşmak üçin näme edip bileris?

Munuň üçin degişli tagallalary etmeli, perwaýsyz bolmaly däl we daş töweregimizdäki zatlardan rejeli peýdalanmaly. Özüňde, öz ýakynlaryňda geljegi nazarlaýan peýdaly endikleri kemala getirmeli: elektrik energiýasyny tygşytlamaly, energiýany az mukdarda sarp edýän enjamlary satyn almaly, suwdan tygşytly peýdalanmaly, galyndylary sortlap başlamaly we gaýtadan işlemek üçin tabşyrmaly, öýlerde daşky gurşawa edilýän zyýanly täsiri azaltmaga mümkinçilik berýän energiýa taýdan netijeli tehnologiýalary ulanmaly.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň «Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş» hünäriniň 2-nji ýyl talyby

Hudaýnazarow Merdan

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: