Haýwanat dünýäsiniň kada-kanunyna görä, et iýýänler ot iýýänleri iýýär. Asmanda-da, ýeriň üstünde-de, suwuň astynda-da haýwanat dünýäsiniň kanuny şeýle.
Gadym zamanda Biribar her bir haýwana ýaşamaly ýerini, katdy-kamatyny, goranmak ukybyny paýlaýar. Owadan şahlaryna, ýyndam aýaklaryna, dartylyp duran göwresine buýsanyp, keýik paýlaşykda özüniň uly baýlyk alandygyny aýdýar. Şonda balyjak suwdan böküp: «Gudratly Perwerdigäriň düwen akyl düwünçegini kim aldy?» diýip soraýar.
– Ony-ha adam aldy – diýip, keýik jogap beripdir. Şonda balyk:
– Onda sen ýyndam aýaklaryňa, şahlaryňa buýsanyp oturma. Eger akyly adam alan bolsa, ol ýeriň üstünde seni, suwuň astynda meni goýmaz – diýenmiş.
Häzir dünýäniň ösen ýurtlarynda et iýmeýän adamlaryň topary döredi. Olar etleri iýilýän janly-jandarlara dözmezçilik zerarly et iýmeýärler. Olaryň içinde Bernard Şou ýaly dünýä meşhur adamlaram bar. Et iýmeýän bu adamlaryň topary gelejekde milliardlara barabar bolar, sebäbi durmuş kämilleşdigiçe adamlaryň akyl-paýhasy, düşünjesi artyp, ýüregi ýukalýar.
Indi adamzat nesli sümme tokaýlary döredip, olaryň içinde janly-jandarlary, haýwanat dünýäsini abadan ýaşaýyş bilen üpjün edýär.
Adam, dünýäniň ösümlikler dünýäsini gözüniň göreji ýaly goramasa, özüniň dünýäsiniň garyplaşýandygyny bilýär. Dünýäde her ýyl näçe dürli görnüşdäki ot-çöp bütinleý ýitip gidýär. Diýmek, şol ot-çöpler bilen adam oglunyň haýsydyr bir keseliniň melhemi hem ýitip gidýär, sebäbi soňky döwürlerde iň gowy, iň zyýansyz dermanlar ot-çöplerden alynýar ahyry.
Häzir dünýäniň ösen döwletlerinde dürli haýwanlaryň geninden ýene şol haýwany ýasamagy öwrendiler. Elbetde, ol gaty gymmada düşýär. Emma ylym kämilleşdigiçe, onuň has arzan usullary işlenip düzülýär.
Emma dünýäniň ösen ähli döwletlerinde diýen ýaly ýaňadan dünýä getirme usuly gadagan edildi.
Sibirde mundan sekiz-on müň ýyl öň ölüp giden mamontlaryň jesedini tapýarlar. Baky doňaklykda ýatan mamontyň etiniň bir bölegini ite berip görýärler. It hezil edip iýýär, diýmek, baky doňaklykda mamont ölýär, emma onuň eti ölmändir.
Ýaşaýşyň syrlary tükeniksiz. Durmuş bolsa, adamzada tebigaty söýüp ýaşamagy öwretmegi dowam edýär.
Şemşat Abaýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşiniň uly buhgalteri.