Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Durmuş işi boýunça täze hünärmenler ugry boýunça toplumlaýyn okuwy tamamladylar

Jul 12, 2021

Durmuş işi boýunça täze hünärmenler durmuş işi boýunça toplumlaýyn treningleriň çäklerindäki soňky 15 günlük okuwy tamamladylar. Ol BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan guralan okuwlar Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň ýokary hilli, hemmetaraplaýyn we ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlaryny girizmek boýunça Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde geçirildi. 45 günlük okuw tamamlanandan soň durmuş işi boýunça täze hünärmenlere olaryň durmuş işleri sferasyndaky hünär ösüşini tassyklaýan sertifikatlar gowşuryldy. Sertifikatlar Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we BMG-niň Türkmenistandaky edarasy tarapynda gowşuryldy.

Sertifikatlary gowşurmak dabarasy garyşyk (gibrid) görnüşinde geçirildi. Oňa welaýatlaryň durmuş işleri boýunça hünärmenleri we welaýat merkezleriniň ýolbaşçylary onlaýn görnüşinde gatnaşdylar, Aşgabat şäheriniň durmuş işleri boýunça hünärmenleri we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri çäräniň geçýän ýerinde gatnaşdylar. BMG-niň Bilelikdäki maksatnama gatnaşýan agentlikleriniň wekilleri we milli trenerler hem dabara onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.

Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan saýlanyp alnan durmuş işleri boýunça 45 hünärmen ýurduň synag etraplarynyň 20-sinde Bolgariýanyň durmuş işjeňligi we tejribeligi institutynyň (SAPI) degişli interaktiw we onlaýn okuwyny üstünlikli tamamlan milli trenerler tarapyndan okadyldy. Milli trenerler ýurduň ähli sebitlerinde durmuş işleri boýunça hünärmenler bilen okuwlary geçirdiler.

Treningler 2020-nji ýylyň noýabryndan 2021-nji ýylyň iýulyna çenli 8 aýyň dowamynda geçirildi we durmuş hünärmenleriniň esasy, çuňlaşdyrylan we ýöriteleşdirilen okuwlaryndan ybarat boldy. Durmuş işleri boýunça täze hünärmenler durmuş işleriniň teoriýasyny we praktikasyny öwrendiler, treningleriň arasynda alan bilimlerini we endiklerini ýerlerde ulanmagy başardylar.Ondan başga-da, her aýda durmuş işleriniň praktikasy boýunça halkara ekspertleri tarapyndan geçirilen sessiýalara gatnaşdylar.

Durmuş işleri boýunça soňky ýöriteleşdirilen treningde oňa gatnaşyjylar esasan ilatyň mätäç dürli toparlary üçin ýerli derejelerde durmuş hyzmatlarynyň täze synag modellerini goşmak maksady bilen durmuş işleriniň anyk aspektlerini öwrendiler.

Ýöriteleşdirilen trening toparlaýyn maşgala konferensiýasy, kyn ýagdaýlarda goldaw bermegiň praktikasy, maksatlaýyn toparlarynyň durmuşa goşulyşmagy üçin durmuş gulluklary bilen hyzmatdaşlyk, goldaw alanlaryň durmuşynda geçen özgertmeleri öwrenmek we başga temalary içine aldy.

«Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny, BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipleri taýýarlamagy we hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Bilelikdäki maksatnamanyň esasy milli hyzmatdaşy bolup, beýlekiler: Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Maksatnamanyň ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020 — 2022-nji ýyllar.