DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäniň iň ýaşuly Prezidenti 99 ýaşyna çenli wezipesinde galar

Kamerunyň prezidentligine 40 ýyldan gowrak wagt bäri bu wezipäni eýeläp gelýän Pol Biýa ýene-de prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Biýanyň ýeňşi ýurduň Konstitusion geňeşi tarapyndan yglan edildi.
Konstitusion geňeşiň maglumatyna görä, 92 ýaşyndaky döwlet Baştutany sesleriň 53,66% -ni aldy. Kamerunyň “Milli Halas ediş fronty” partiýasynyň dalaşgäri Issa Çiroma 35,19% -ni aldy.
Kamerunda prezident ýedi ýyl möhlete saýlanýar. Şeýlelik bilen, Biýa 99 ýaşyna çenli ýurdy dolandyrmak mümkinçiligine eýe boldy.