Bu ada Sweýsariýada öndürilen ýolagçy otlusy mynasypdyr. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bu otly jemi 100 wagondan ybarat bolup, agramy 2990 tonna barabar. Wagonlaryň jemi uzynlygy bolsa 1910 metre ýetýär.
Otly 2 ýyl mundan ozal Alp daglarynyň golaýlaryndaky demir ýoluň ugry boýunça hereket edip başlady. Otlynyň hereket ediş aralygy geçelgeleriň 22-sini, köprüleriň 48-sini, şeýle hem tebigy we medeni çäkleriň, aýlawlaryň birnäçesini öz içine alýar.
25 kilometre uzaýan syýahatyň dowamynda dag tebigatynyň iň täsin ýerlerini ýakyndan synlamak mümkin. Otlynyň gatnaw ugry ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.