DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäniň iň uzyn asma köprüsi guruldy

Dünýäniň iň uzyn asma köprüsi diýen derejä Wengriýanyň demirgazygyndaky Şatoralýauýheý köprüsi mynasyp boldy. Uzynlygy 800 metre barabar bolan bu pyýada asma köprüsi ýerden 80 metr belentlikde gurlandyr. Köpriniň gurulmagy ýurduň bu sebitiniň dünýäniň esasy syýahatçylyk ýerleriniň birine öwrülmegine sebäp boldy.
Zemplen dagynyň we onuň daş-töweregini gurşap alan tokaýlyklaryň gaýtalanmajak gözelligi, köpriniň ortarasyndaky aýnaly geçelgeler ondan hereket edýän syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen köpriniň gurluşygynda iň kämil tehnologiýalardan peýdalanyldy.