Dünýäniň iň uly uçarynyň taslamasy tanyşdyryldy
“Radia” amerikan kompaniýasynyň hünärmenleri dünýäniň iň uly ýük uçarynyň taslamasy bilen tanyşdyrdylar. Uzynlygy 108 metre, beýikligi 24 metre barabar bolan äpet uçaryň ganatlarynyň gerimi 80 metre ýetýär. “WindRunnur” atly bu uçaryň ýük bölüminiň göwrümi 8200 kub metre deň. Oňa uzynlygy 105, ini 7,5 metr bolan ýükleri arkaýyn ýerleşdirip bolýar. Uçaryň göterilmegi we gonmagy üçin 1800 metr uzynlygy bolan uçus-gonus zolagy gerek bolar. 0l elektrik toguny öndürýän ýel turbinalarynyň ganatlaryny uzak aralyklara tiz daşamak üçin niýetlenilendir.
Bu uçar 72,5 tonna ýüki 2000 kilometr aralyga daşap biler.