Dünýäniň iň uly telewizion minarasy
Bu derejä Ýaponiýadaky «Tokionyň asman agajy» diýlip atlandyrylýan minara eýedir. 2012-nji ýylda gurlan bu minaranyň beýikligi 634 metre barabar bolup, ol sanly telewizion ulgamy üçin niýetlenilendir. Onda syn ediş meýdançalarynyň ikisi bar. Olaryň biri minaranyň 350-nji, beýlekisi bolsa 450-nji metrinde ýerleşip, restoranlaryň,
dükanlaryň, dynç alyş merkezleriniň 300-den gowragyny öz içine alýar. Bu minara dünýäniň iň beýik binalarynyň sanawynda üçünji orunda durýar.