Alymlar tarapyndan Awstraliýanyň günbatar kenar ýakasynda Ýer ýüzündäki iň uly ösümligiň ösýändigi anyklanyldy. Bu ýerde ýyllaryň dowamynda boý alýan ýeke düýp suwoty häzirki wagtda 200 inedördül kilometr töweregi meýdany eýeleýär.
Bu bolsa 20 müň sany futbol meýdançasynyň ululygyna barabardyr. Äpet suwotynyň ýaşy bolsa 4500 ýyl diýlip hasaplanylýar. Biologlar ylmy dilde «Posidania australis» diýlip atlandyrylan bu ösümligiň genetiki dürlüligini öwrenip, onuň müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýaşamaga ukyplydygyny subut etdiler.
Ýylda 35 santimetre çenli ösüp bilýän bu suwotulara diňe deňiz suwlarynda duş gelmek bolýar.