DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Dünýäniň iň uly milli seýilgähi mälim edildi

Bu derejä demirgazyk-gündogar Grenlandiýa seýilgähi mynasyp boldy.

Onuň umumy meýdany 972 müň inedördül kilometre deňdir. Bu görkeziji dünýäniň ençeme döwletleriniň eýeleýän meýdanyndan hem uludyr.

Seýilgähde ýylyň tutuş dowamynda gazaply sowuk howa dowam edip, onuň çäginiň agramly bölegi buzluklar bilen örtülendir.

Syýahatçylara ýörite gämilerde gezelenç edip, dünýäde diňe şu ýerde duş gelýän haýwanlary ýakyndan synlamaklary üçin mümkinçilik döredilendir. Bu ýerdäki garly daglar, äpet buzdaglar gaýtalanmajak gözelligi emele getirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: