Dünýäniň iň uly aýsbergine döwülmek howpy abanýar
Atlantika ummanyndaky Günorta Georgiýa adasynda dünýäniň iň uly “A23a” aýsbergi ýalpaglyga oturdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Antarktika gullugy habar berýär.
Bu ullakan buz böleginiň agramy trillion tonna bolup, onuň meýdany häzirki Londonuň meýdanyndan 2 esse uludyr.
Aýsberg Antarktidanyň günbataryndaky Filhner buzluklaryndan 1986-njy ýylda goparylyp aýryldy we 30 ýyldan gowrak Ueddella deňzinde galdy. 2020-nji ýylda akym ony Günorta Geogriýa tarapynda äkitdi.
Britaniýanyň gullugynyň okeanolog hünärmeni Endrýu Meýers häzirki wagtda aýsbergiň deňiz
ýalpaklygynda bolup, onuň döwülmek ähtimallygynyň bardygyny belledi.
Fewral aýynda bellenilip geçilişine görä, “A23a” aýsberginden bir bölek goparylyp aýrylypdy.